Soňky habarlar

Arhiw

«Ilat ýazuwy ― 2022» üçin iň gowy nyşanyň we şygaryň bäsleşiginiň wagty uzaldylýar

15:0523.12.2020
0
8100

Türk­me­nis­ta­nyň Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de «2022-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­na ba­gyş­la­nan iň go­wy ny­şan (emb­le­ma) we iň go­wy şy­gar» at­ly öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde habar berildi.

Bäsleşige fiziki şahslar (Türkmenistanyň raýatlary we ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan beýleki adamlar), şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bellige alnan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli ýuridik şahslar gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň çäginde atlary agzalan görnüşleriň her biri üçin pul sylagy bellenilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin «Ilat ýazuwy — 2022» diýen temany görkezmek bilen, elektron poçta arkaly ýa-da adaty poçtanyň üsti bilen arzalar 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli aşakdaky salgylar boýunça kabul edilýär.

Elektron hatlar üçin: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (turkmenstat@online.tm).

Poçtanyň üsti bilen ibermek üçin: 744000, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 100-nji jaýy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-27-62, 39-27-53, 39-27-90, 39-27-74 (iş wagty 9:00-dan 18:00-a çenli).

Bäsleşige iberilen materiallar yzyna gaýtarylmaga we olar üçin töleg geçirilmäge degişli däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň