Aşgabatda ýylda 300 müň tonna bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhana açyldy

23:5409.12.2020
0
11677

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr.

Demir gurnamalaryň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer, desgalaryň düzüm bölekleriniň mäkämligini we ygtybarlylygyny üpjün eder, şeýle hem olaryň ulanyş möhletini artdyrar. Şeýle hem kärhananyň önümleri senagatda, energetikada, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak hem-de bezemek boýunça işlerde giňden ulanylar. Umuman, bu önümler birnäçe artykmaçlyklara eýe bolup, dürli ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini düýpli giňeldýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň