Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy çäklendirilen görnüşde geçiriler

23:3708.12.2020
0
41051

Türkmenistan Täze ýyl baýramyny ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça bellenen çäklendiriji çäreleriň şertlerinde belläp geçer.

Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk dabarasy 31-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, 50 adamdan ybarat medeniýet we sungat işgärleriniň toparynyň gatnaşmagynda 23:00-dan 24:00-a çenli aralykda geçiriler. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşuly nesliň wekilleriniň Täze ýyl gutlaglary teleköpri arkaly ýaýlyma berler. Baýramçylyk howpsuz aralygy berk berjaý etmek bilen geçiriler.

Mundan başga-da, sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, 31-nji dekabr agşamsy "Ylham" seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada meýilleşdirilen Täze ýyl dabaralary, şeýle hem Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri ýatyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň