Saud Arabystany ykdysady ugruny üýtgeder

10:4123.11.2020
0
1922

Saud Arabystanynyň maýa goýum ministri Halid al-Falih öz ýurdunyň ykdysady dünýägaraýşyny baýlaşdyryp, ünsüni diňe nebitde jemlemejekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen G20  sammitinde Saud Arabystanynyň maýa goýum ministri Halid al-Falih  çykyş etmeklik bilen, öz ýurdunyň täze ykdysady sebitleri döretmeklik we Saud Arabystanynyň önümçiligini ýokarlandyrmaklyk arkaly halkynyň ykdysady ünsüni diňe nebitde jemlemejekdidini, köptaraply ykdysady ösüşe gönükdirjekdigini nygtady.

Saud Arabystanynyň “Vision 2023” taslamasynyň örän meşhurdygyny mälim eden al-Falih, öz ýurdunyň ykdysadyýetiň haýsy ugurlaryna ünsi jemleýändigi barada maglumat bermedi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz bin Salman al Saud bolsa hökümetiň dekarbonlaşdyrylan nebit pudagyny goşmaklyk bilen, az zyňyndyly ykdysadyýete geçjekdigini mälim etdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň