Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Bars» Türkmenistanda gämi gurluşygyna girişer

17:4922.11.2020
0
16751

TASS habarlar agentligi Russiýanyň «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasynyň Türkmenistan üçin ýolagçy we ýük gämilerini bilelikde gurmaga taýýardygyny ýazýar. Agentlik eýýäm bu babatda degişli şertnama gol çekilendigini hem habar berýär.

Aýdylyşy ýaly, türkmen tarapy korporasiýa gämileriň dürli görnüşlerini gurmak boýunça bilelikde işleşmegi teklip etdi. Muňa jogap edip, korporasiýa olara täze taslamalary hödürledi.

Ýeri gelende aýtsak, degişli şertnama 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda gol çekildi. Bu şertnama laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli «Ak Bars» bilen «Balkan» gämi gurluşyk zawody bilelikde gämileriň 12-sini gurarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň