TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew çempionatyň taryhynda ikinji orna geçdi

16:2022.11.2020
0
6207

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Energetigiň» derwezesine dört pökgi geçiren hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda bir möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ikinji orna çenli çykdy.

«Altyn asyryň» hüjümçisi 26-njy tapgyrdaky dört pökgüsi bilen birlikde Ýokary liga ― 2020-de geçiren gollarynyň sanyny 35-e çykardy. Eger ol galan iki tapgyrda ýene 6 pökgi geçirip bilse, Türkmenistanyň çempionatynyň rekordyny täzelär. Rekord 1992-nji we 1995-nji ýyllarda her biri 41 pökgi geçiren Sergeý Kazankow bilen Rejepmyrat Agabaýewe degişlidir.

Çempionatyň tamamlanmagyna iki tapgyr galdy. Eger ozalky tapgyrlardaky akgynly oýnuny dowam etdirse, Altymyrat Annadurdyýewe ýurdumyzyň rekordyny gaýtalamaga, hatda ony täzelemäge-de mümkinçilik bolup biler. Bu iki duşuşygy «Altyn asyr» «Aşgabat» we «Nebitçi» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň