Soňky habarlar

Arhiw

BAE-nyň ilçihanasynyň wekili Türkmenistanyň talyplaryna leksiýa berdi

23:1520.11.2020
0
3639
BAE-nyň ilçihanasynyň wekili Türkmenistanyň talyplaryna leksiýa berdi

BAE-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisiniň ynanylan wekili, onuň Alyhezreti, Jenap Abdulaziz Al Haşemi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplaryna onlaýn leksiýa berdi.

Leksiýanyň mowzugy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Duşuşyga gatnaşyjylara jenap Abdulaziz Al Haşemi Türkmenistanyň bitaraplygynyň roly, sebitdäki we bütin dünýädäki ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle hem, BAE bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we iki döwletiň Liderleriniň ynamdar, ýakyn gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Jenap Abdulaziz Al Haşemi diňleýjilere BAE-nyň geljek 50 ýyl üçin meýilnamalaryny, BAE-nyň hökümetinde ýaşlaryň we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek EXPO 2021 halkara sergisi barada aýtdy we onuň bütin dünýä üçin ajaýyp waka boljakdygy barada belledi.

Onlaýn leksiýada jenap Abdulaziz Al Haşemi hem çärä gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň