Döwletjan Ýagşymyradow: «Men türkmendigime buýsanýaryn»

14:3620.11.2020
0
20811

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow haçan, haýsy halkara ýaryşa gatnaşsa-da, olara ýaşyl Tugumyzyň astynda wekilçilik eder. Şeýlelikde, ol geljekde UFC ýa-da Bellator MMA gatnaşsa-da, türkmenistanly pälwan bolup çykyş eder.

«Halkara ýaryşlardaky has gowy dereje ýa-da has gowy mümkinçilikler üçin men wekilçilik edýän döwletimi we baýdagymy hiç haçan üýtgetmerin. Biz ― türkmenler, biziň mukaddes baýdagymyz bar. Ol-a aňrybaş mümkinçilikler we goldalarmyş, bütin dünýäni teklip etseler hem men ýeke-täk baýdagyň şanyna göreşerin. Ýaşyl Tugumyz ― meniň üçin mukaddeslik. Men türkmendigime buýsanýaryn» diýip, ol onlaýn ýaýlymlaryň birine beren interwýusynda aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow 1989-njy ýylda Lebap welaýatynda doguldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň