Türkmenistan Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirer

15:4031.10.2020
0
6047

Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan onlaýn duşuşyga IOI-niň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Hazar deňzini dolandyrmak meselelerine üns berildi, hususan-da, bu täsin deňiz babatda halkara deňiz konwensiýalaryny ulanmak, halkara deňiz hukugy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ony öwrenmegiň meselelerine garaldy.
Halkara ummanlar institutynyň okuw maksatnamalary, guraýan okuwlary hem-de uçurymlaryň hünär okuwynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň