Soňky habarlar

Arhiw

NASA Aýyň üstünde suwuň bardygyny habar berdi

10:0927.10.2020
0
1233

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy bolan NASA Aýyň güneşli ýüzünde suw tapandyklaryny ilkinji gezek habar berdi.

NASA tarapyndan ýazylan ýazmaça beýanda: “Infragyzyl astronomiýa stratosfera obserwatoriýasy Aýyň güneşli ýüzünde suwuň bardygyny ilkinji gezek tassyklady.”  – diýlip bellenýär. 

Merilendde (Мэриленде) ýerleşýän Goddard kosmos uçuş merkeziniň işgärleri gidroksiliň (OH) ýerine Aýyň üstünde suw buzunyň (H2O) bardygyny tassykladylar. Topar, suwda ýüze çykýan spektral yzy tapmak we atmosfera has aýdyň düşünmek üçin uçarda oturdylan SOFIA teleskopynyň üsti bilen açyş etdi.

Kolorado uniwersitetiniň astrofizika professory Pol Heýn we onuň topary, NASA hemrasy tarapyndan düşürilen kamera şekillerini we temperatura ölçeglerini ulanyp, buz massalarynyň takmynan 40,000 inedördül kilometre ýa-da Aýyň takmynan 0,1 göterimine eýe bolandygyny habar berdiler.

Heýn: “Öň açylmadyk buz howuzlarynyň milliardlarçasyny görýäris. Bu ýagdaý bolsa  buzy has aňsat çykarmaga mümkinçilik berýär. Kosmonawtlaryň Aýda zerur boljak zatlary nukdaýnazaryndan muňa öwrülişikdir diýip pikir edýäris.” – diýip belledi. 

Öň 26-njy oktýabrda Aý hakda "tolgundyryjy" täze açyş yglan etjekdigini mälim eden NASA, "Artemis" atly maksatnamanyň çäginde 2024-nji ýylda Aýyň ýüzüne erkek we aýal kosmonawt ibermegi meýilleşdirýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň