Gyrgyzystandaky, Gazagystandaky we Gruziýadaky türkmen raýatlary getiriler

16:0022.10.2020
0
13286
Gyrgyzystandaky, Gazagystandaky we Gruziýadaky türkmen raýatlary getiriler

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gazagystandaky 100 raýatymyz “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýurdumyza gelerler. Olar şol ýerdäki meýdan gospitalynda 2 hepdelik karantin çäresine tabyn bolarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 16 raýaty we Owganystanyň 2 raýaty “Özbegistan” awiakompaniýasynyň Bişkek-Daşkent uçary bilen Daşkende gelerler. Şol ýerdenem 2-nji noýabrda tükrmen-özbek serhedindäki  “Olot-Farap” gözegçilik-geçiriş nokadyna gelip, ýurdumyzyň çägine geçerler. Bu raýatlarymyz hem Lebap welaýatynda 14 gün karantinde bolarlar.

Bulardan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda Gruziýadaky 50 türkmen raýaty Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana gelerler. Raýatlarymyzyň bu topary awtobus bilen Azerbaýjana gelip, şol ýerdenem Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy paromy bilen ýurdumyza gelerler.

Gruziýadan geljek raýatlarymyz hem Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen karantin merkezinde 14 gün galarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň