Asman jisiminden nusgalyk alar

12:0322.10.2020
0
591

ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA-nyň 2016-njy ýylda uçuran “Osirix-Rex” atly enjamy  “Bennu” atly asman jisimine gonduryldy. Indi bolsa, enjam daşyň ýüzünden nusgalyk alar. Bu çylşyrymly işiň ýerine ýetirilmegi Gün ulgamy barada täze maglumatlary toplamaga ýardam eder. “Lockheed Martin”  kompaniýasynyň öndüren “Osirix-Rex” atly kosmos gämisiniň 2018-nji ýylyň dekabrynda asman jisimine golaýlaşandygy habar berildi. Şondan bäri, asman jisiminiň ýüzünde gonmak üçin amatly ýer gözlenýärdi. Astronomlar kosmos gämisiniň gonmagy üçin 8 metrlik tekiz ýer tapdylar we ony şol ýere gondurdylar. Ululygy 500 metre barabar bolan asman jisimi 4,5 sagatda gonduryldy.  “Osirix-Rex” atly enjam äpet daşyň suratyny hem alar. Enjam 2023-nji ýylda Ýere gaýdyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň