Soňky habarlar

Arhiw

Eplenýän telefonlary arzanladar

12:0122.10.2020
0
1442

“Samsung” kompaniýasynyň eplenýän ekranly telefonlaryna islegiň ýokary bolmagy koreý brendini şeýle smartfonlaryň täze görnüşlerini öndürmäge höweslendirýär. Esasan hem, “Galaxy Z” seriýasyna degişli smartfonlar bazarda şowly netije beripdi. Emma bu telefonlar has gymmat bolandygy üçin dünýäniň belli ýerlerinde satuwa çykarylýar. Şeýle bolansoň, kompaniýa eplenýän ekranly smartfonlaryň has arzan görnüşlerini işläp taýýarlamagyň aladasyny edýär. Munuň üçin, has kiçi “Galaxy Fold Lite” atly smartfony işläp taýýarlaýar. Onuň daşky ekranynyň kiçi boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem smartfon alýuminden we aýnadan ýasalar. Ýeri gelende aýtsak, “Galaxy Fold”-yň ilkinji modeli plastmassadan, soňky modeli ýuka aýnadan ýasalypdy. Täze smartfonyň geljek ýyl müşderilere ýetirilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda “Huawei”, “Motorola” ýaly kompaniýalar hem eplenýän telefonlaryny müşderilere ýetirýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň