Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota” kompaniýasynyň 2021 “Innova Crysta” modeli ýol hadysasy synagynda 5 ýyldyz aldy

14:0821.10.2020
0
1960

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy tarapyndan Indoneziýada öndürilen “Innova Crysta” modeli ASEAN NCAP ýol hadysasy synagynda 5 ýyldyz almagy başardy. Modeliň bäş ýyldyz almagyna kömek eden iň uly faktorlaryň biri ESP goldawydy.

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy Indoneziýada öndüren “2021 Toyota Innova Crysta” modelini satuwa çykardy. Köp wagt geçmänkä, kompaniýanyň täze awtoulagynyň ASEAN NCAP synag netijeleri çap edildi. “Toyota Innova Crysta” modeli ASEAN NCAP ýol hadysasy synagynda örän üstünlikli netijäni gazandy.

Günorta-Gündogar Aziýanyň awtoulag howpsuzlygy reýting programmasy bolan ASEAN NCAP synagyna giren “Toyota Innova Crysta” modeli synaglarda 5 ýyldyz almagy başardy. “Toyota” kompaniýasynyň täze mikroawtobus modeli, Indoneziýada öndürilen we 2.0 litrlik hereketlendiriji bilen işleýän esasy model bilen synag edildi.

“Toyota” kompaniýasynyň täze 2021 modelinde “Innova Crysta”-nyň ähli modellerinden tapawutlylykda Elektron durnuklylyk programmasy (ESP) bar. Bu bolsa, “Toyota Innova Crysta”-nyň täze 2021 modeliniň ýol hadysasy synaglarynda 5 ýyldyz almagynyň iň möhüm sebäplerinden biri hökmünde görülýär.

“Toyota” kompaniýanyň 2021 “Innova Crysta” modellerinde standart bolan ESP, beýleki awtoulaglardaky ýaly ulaglarda deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün edýär. Şeýlelik bilen, programma ulagyň bökmeginiň öňüni alyp we ulagyň howpsuzlygyny has ýokary derejelere çenli ýokarlandyryp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň