Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa «Jinma» elektrik ulaglary bilen eltip berilýär

12:2322.01.2024
0
54029
Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa «Jinma» elektrik ulaglary bilen eltip berilýär
Surat: newscentralasia.net

Arkadag şäheri täjirçilik daşamalary üçin «Jinma» elektrik ulaglaryny ulanmak bilen, durnukly ulag ugrunda möhüm ädim ätdi.

Gonkongyň «Run Horse» holdingi tarapyndan öndürilen bu sessiz we netijeli ulag serişdeleri häzirki wagtda köçelerde hereket edýär we daşky gurşawa kän bir täsirini ýetirmezden, ilata harytlary eltip berýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäher Söwda müdirliginiň hojalyk bölümi «Jinma» elektrik ulaglaryny işjeň ulanýar. Bu ulaglar dürli iýmit önümleriniň we gyzgyn tagamlaryň eltip berilmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, bölümiň ygtyýarynda bu ulagyň gök önümleri we çalt zaýalanýan önümleri daşamaga niýetlenilen amatly sowadyjy kamera bilen enjamlaşdyrylan görnüşi hem bar.

«Jinma» elektrik ulaglary ýokary tygşytlylyga eýedir. Modeline baglylykda, ulag 2-3 sagadyň dowamynda doly zarýadly alanda 90—120 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň