Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

09:5317.10.2023
0
37514

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Geçirilen duşuşyklarda, taraplar awtoulag serişdelerini Türkmenistana ibermek boýunça gelejekki hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekiliýeti 17-18-nji oktýabry aralygynda Pekin şäherinde geçiriljek «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynda resmi sapary amala aşyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň