Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat etdi

07:1118.04.2024
0
10752

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Bu ulaglar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynyň çäginde gowşuryldy. Şeýle hem dabaranyň çäginde Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy hem-de Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň