Soňky habarlar

Arhiw

“Premier Ligada” soňky 60 ýylyň iň ýokary görkezijisi

11:2519.10.2020
0
477

Angliýanyň “Premier Ligasynda” şu möwsümde şu wagta çenli oýnalan 46 oýunda 171 gol derwezä girizildi. Bu bolsa ortaça her oýna 3,72 goldan düşýär diýmekdir. Şeýlelikde, bu ugurda soňky 60 ýylda iň ýokary görkeziji hasaba alyndy. Mundan 60 ýyl ozal, has takygy, 1960-61 möwsümde ortaça 3,73 gol geçirilipdi. Çempionatda şu möwsümde häzire çenli “Tottenham” 15, “Ewerton” 14, “Liwerpul” bilenem “Çelsi” 13 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň