Kosmosa şar bilen çykylar

13:3818.10.2020
0
902

Ispaniýanyň “EOS-X Space” kompaniýasy kosmosa syýahaty ýola goýmak üçin täsin usuly işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary geljek on ýylyň dowamynda 10 müň adamy kosmosa çykarmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda “Virgin Atlantic”, “Blue Origin” we “SpaceX” ýaly kompaniýalar hem kosmos syýahatçylygyny ýola goýmagyň aladasyny edýärler. Bu kompaniýalar diňe kosmos giňişligine däl, eýsem beýleki planetalara we asman jisimlerine hem gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýärler. “EOS-X Space” bolsa bu kompaniýalardan tapawutlylykda raketalary däl-de, şar ulanmagy maksat edinýär. Ýolagçylar basyşly kapsula arkaly ýerden 40 kilometr belentlige çykarlar. Kapsulanyň içindäki basyş kadaly ýagdaýda saklanýandygy sebäpli ýolagçylar aýratyn eşige ýa-da kislorod ballonyna hem zerurlyk duýmazlar. Syýahatyň dowamlylygy 4-5 sagat bolar. Ilkinji uçuşyň 2023-nji ýylda ýola goýulmagyna garaşylýar. Ýolagçy biletiniň bahasynyň 150-200 müň dollar boljakdygy çaklanylýar. Täsin syýahata gatnaşan ýolagçylar Ýeriň togalakdygyny has aýdyň görmäge mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň