Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý “COVID -19” sanjymlarynyň global elýeterlilik maksatnamasyna goşuldy

16:2010.10.2020
0
1152

 Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunýing Hytaýyň sanjym birleşigi (GAVI) bilen şertnama baglaşyp, COVAX-a goşulandygyny habar berdi.

Hua: "Sanjymlaryň, esasanam ösýän ýurtlarda deň paýlanmagyny üpjün etmeklik üçin bu anyk ädimi ädýäris hem-de beýleki güýçli ýurtlaryň COVAX-a goşuljakdygyna we goldaw berjekdigine ynanýarys" – diýip belledi. 

Hytaýyň COVAX hyzmatdaşlary bilen bile işleşjekdigini mälim eden Hua, öz ýurdunyň täze görnüşli koronawirus (COVID-19) epidemiýasyndan ähli adamlaryň howpsuzlygyny we saglygyny goramaga çalyşjakdygyny mälim etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy  COVAX arkaly 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 2 milliard doza sanjymy paýlamagy maksat edinýär. Maksatnamanyň maksady ähli ýurtlara COVID-19 sanjymlaryny deň derejede bermeklikden ybaratdyr.

COVAX-a şu wagta çenli 170 töweregi ýurt gatnaşdy we 25 ýurt bilen gepleşikler dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň