29-njy sentýabrda Tatarystan Respublikasynyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Albert Kerimow «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we we «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirdi . Bu barada mpt.tatarstan.ru habar berýär.
Taraplar bilelikdäki işleriň netijelerine oňyn baha berdiler we Türkmenistan üçin A145E taslamasynyň ikinji ýokary tizlikli ýolagçy gämisini ýygnamak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy beýan etdiler. Şeýle hem dizel ýangyjy we elektrik bilen işleýän läbik sorujylaryň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Tatarystanda öndürilen tiz ýolagçy gämisiniň biriniň Awazada Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilýän günlerinde Hazaryň türkmen kenaryna gelip gowşandygyny ýatladýarys.