Soňky habarlar

Arhiw

Bu gün — Naýbaşy kubok duşuşygy

16:3229.09.2020
0
817

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň naýbaşy toparyny yglan etjek duşuşyk çempion «Altyn asyr» bilen wise-çempion «Ahal» güýç synanyşar. «Türkmenportal» bu duşuşyk bilen bagly käbir gyzykly maglumatlara ünsüňizi çekmek isledi:

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ilkinji duşuşyk 2005-nji ýylda geçirildi. Şu ýylky duşuşykda "Altyn asyr" bilen "Köpetdag" 15-nji kubogyň eýesi bolmak üçin göreşer. Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň 2010-njy ýylda geçirilmändigini ýatladýarys.

Şu günki duşuşykdan soňra «Altyn asyr» özüne degişli milli rekordy täzelär. Çünki geçen ýyl ýedinji gezek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga çykan «aragatnaşykçylar» Türkmenistanyň rekordyny täzeläpdiler. Bu gün olar bu duşuşyga 8-nji gezek çykarlar. Başgaça aýtsak, «Altyn asyr» 2005-nji ýyldan bäri 15-nji gezek geçiriljek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklaryň deň ýaryndan hem gowragyna gatnaşýar.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga çykan 8 toparyň 4-si Aşgabada, galan 4-si welaýatlara wekilçilik edýär. Ýokary ligada Balkan welaýatynyň adyndan gatnaşýan «Nebitçi» hem-de «Şagadam» toparlarynyň ikisi hem Naýbaşy kubok üçin göreşip gördi.

«Şagadam» bilen «Köpetdag» henize çenli bu ýaryşa gatnaşyp, Kuboga mynasyp bolup görmedik toparlardyr.

2015-nji ýyldan bäri geçirilýän duşuşyklaryň ählisine gatnaşyp gelýän "Altyn asyr" şolaryň ählisinde-de Kuboga mynasyp boldy.

Kuboga iň köp mynasyp bolmak rekordy häzir «Altyn asyrda». Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Naýbaşy kuboga 5 gezek mynasyp boldy. Bu gün ýeňiji bolaýsa, topar öz rekordyny täzelär. «Altyn asyrdan» başga HTTU bilen «Nebitçi» 3 Kubok gazanypdy.

Eger bu gün Kuboga «Ahal» mynasyp bolsa, topar taryhynda ikinji gezek Naýbaşy kubokly bolar. «Ahal» mundan 6 ýyl ozal bu Kuboga mynasyp bolup görüpdi.

Naýbaşy Kubok ugrundaky henize çenli geçirilen duşuşyklaryň esasy wagtynda derwezelere 49 pökgi geçirildi. Şu günki duşuşykda 50-nji pökgä şaýat bolmaga mümkinçilimiz bar.

Yzda galan duşuşyklaryň diňe ikisinde ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň