Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy — 2019: «Altyn asyr» gök, «Ahal» ak köýnekçede çykyş eder

11:5029.09.2020
0
4137

Şu gün, 29-njy sentýabrda TFF-niň konferensler zalynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda güýç synanyşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Ahalyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda şu günki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde adaty gök, “Ahal” topary bolsa ak köýnekçede çykyş eder.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi “Altyn Asyr” bilen Türkmenistanyň Kubogynyň finalçysy “Ahal” toparlarynyň gatnaşmagynda Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler. Bu duşuşygyň 18:00-da başlanýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň