Ärdogan ýakyn wagtda Türkmenistana sapar bilen geljekdigini belledi

11:4127.09.2020
0
13985
Ärdogan ýakyn wagtda Türkmenistana sapar bilen geljekdigini belledi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk senesi mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen Liderine Gutlag ýollady.

Onda şeýle ýazylýar:  “Ga­dyr­ly do­ga­nym! Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezreti­ňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden bäri depginli ösüşlere we jemgyýetiň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan Siziň Alyhezreti­ňiziň baştutanlygynda tutuş sebitiň gülläp ösüşine hem-de durnuklylygyna goşant goşýan uly mümkinçilikleriň merkezine öwrüldi. Diliň, medeniýetiň, taryhyň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan biziň dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejesinde hem mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana meýilleşdirilen sapary ýakyn geljekde amala aşyryp boljakdygyna umyt edýärin. Siziň Alyhezreti­ňize — gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň