Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär

10:3327.09.2020
0
4816
Si Szinpin hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin türkmen Liderine Gutlag ýollady. Onda şeýle ýazylýar:

“Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size we dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn. Siziň parasatly ýolbaşçylygy­ňyzda Türkmenistanda uzak möhletli durnukly syýasy ýagdaý saklanýar, ykdysadyýet batly depginler bilen ösdürilýär, jemgyýet bolsa asudadyr we sazlaşyklydyr. Dostlukly goň­şy we strategik hyzmatdaş hökmünde hytaý tarapy mu­ňa ýokary baha berýär. Siziň ýolbaşçylygy­ňyzda zähmetsöýer we parasatly türkmen halkynyň döwlet gurluşynyň dürli ugurlarynda ýene-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluga uly sarpa goýýaryn. Ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi hem-de ony iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siz bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn. Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüşi we rowaçlyk, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň