Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistana 690 sany koronawirus synag enjamyny iberdi

22:0426.09.2020
0
1614

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasyndan  koronawirusyň täze ýokanjyny anyklamak üçin 690 synag enjamyny aldy. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa ýakynda geçirilen brifingde bu meselä degip geçdi. Bu barada SNG: Today rus diplomatik gullugynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Zaharowa bu synag ulgamlarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň koronawirus ýüze çykarylan halatynda taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen iberilendigini aýtdy. Şeýle-de degişli toplumlaryň 69 müň okuw üçin niýetlenendigini sözüniň üstüne goşdy. Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň çäginde 60 müň okuw üçin synag materiallaryny taýýarlamaga niýetlenen ulgamlar Aşgabat şäherine iberildi.

17-nji awgustda Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrligi Türkmenistanyň Russiýadan derman serişdelerini we PPE-ni 7,8 million dollara satyn alandygyny habar berdi. Soňra, 4-nji sentýabrda, Rospotrebnadzoryň wekilleri 138,500 synag ulgamynyň Türkmenistana iberilendigini habar berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň