BMW iň kuwwatly motoryny tanyşdyrdy

17:2924.09.2020
0
976

Germaniýanyň BMW kompaniýasy diňe awtoulag däl, eýsem motosiklleri we welosipedleri hem öndürýär. Kompaniýa “World Superbike” atly iň kuwwatly ulagyny taýýar etdi. “BMW M1000RR” atly ulag ozalky modellerden ýeňil we kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Kuwwaty 212 at güýjüne barabar bolan ulagyň agramy 192 kg-a barabar. Ulag diňe ýaryş trassalarynda däl, eýsem adaty ýol hereketinde hem sürmäge niýetlenipdir. Sagatda 306 km tizlik bilen hereket edýän ulagyň sagatdaky tizligini 200 kilometre ýetirmegi üçin 6-7 sekunt ýeterlik. Ulagyň bahasynyň 39 müň 385 dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň