Soňky habarlar

Arhiw

Ilkinji sagadyny çykardy

15:3123.09.2020
0
1262

Hytaýyň smartfon öndüriji “vivo” kompaniýasy ilkinji “akylly” sagadyny taýýar etdi. “vivo Watch” atly enjam batareýasynyň uzaga gidýändigi bilen hem tapawutlanýar. Adaty “akylly” sagatlardaky ýaly tehniki aýratynlyklary bolan sagadyň zenanlara we erkeklere niýetlenen iki görnüşi bar. 46 mm we 42 mm ululygyndaky bu sagatlaryň ulusynyň ekranynyň durulygy 454 x 454 piksel. Kiçi görnüşinde bu görkeziji 390 x 390 piksel. Tanyşdyrylyşda berlen maglumata görä, sagatlaryň çarçuwasy polatdan dört esse berk bolan keramikadan ýasalypdyr. Keramika gabaranyň çyzylmaga we ýonulmaga garşy hem berk goragyny üpjün edýär. “Akylly” goşar sagadynda jemi alty sany sensor ýerleşdirilipdir. Bu sensorlar ulanyjynyň ýürek urşuny, gandaky kislorodyň mukdaryny ölçemek, emeli hemra arkaly ýeriňi kesgitleýän we beýleki maksatlar üçin ulanylýar. Sagadyň uly görnüşiniň zarýady 18 güne, kiçisiniňki 9 güne ýetýär. 28-nji sentýabrda hytaýly müşderilere ýetiriljek sagat, soňra global bazara iberiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň