Soňky habarlar

Arhiw

Ýakyn günlerde Moskwada pilotsyz tramwaý satuwa çykarylar

10:0821.09.2020
0
706

Moskwanyň Transport müdirligi we “Yandex” ýakyn wagtda ilkinji pilotsyz tramwaýy synagdan geçirip başlar. Bu barada resmi “Telegram” kanalynda bölümiň metbugat gullugy habar berdi.

Ulag bölüminiň başlygy Maksim Liksutow “Yandex” ofisine baryp, pilotsyz ulaglaryň işine baha berdi. Ol: “Bu tramwaýyň geljegiň pilotsyz şäher ulaglaryna degişlidigine ynanýarys. Şeýle ulag hepdede ýedi gün gije-gündiziň dowamynda ulanylyp bilner we berlen tertibe we ugurlara berk eýerip biler. Bu oňyn täsirleriň hemmesi biziň üçin möhümdir. Moskwanyň häkiminiň adyndan täze tehnologiýalary goldamagy dowam etdirýäris we ýakyn wagtda Moskwanyň hökümeti “Yandex” bilen bilelikde ilkinji pilotsyz tramwaýy synagdan geçirip başlar. Geljekde şäheriň töwereginde elektrik transporty ýola goýlup bilner." – diýip belledi.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň