Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleri dörediler

13:5819.09.2020
0
5956
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleri dörediler

18-nji sentýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milletiň Liderine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepler bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen işleri toplumlaýyn alyp barmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezini hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ylmy işi höweslendirmek we giň gözýetimli ýaş alymlary taýýarlamak boýunça möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamanyň üstünde işlemegiň zerurdygyny aýdyp, ylmy işiň has möhüm ugurlaryny içgin seljermegiň we ylmy-barlaglaryň netijelerini çaltlyk bilen önümçilige ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň