UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynda faworitler ýeňlişe sezewar boldy.

13:5117.09.2020
0
6437

UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň düýnki oýnalan duşuşyklarynda-da garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Serbiýanyň “Srwena Zwezda” topary Kipriň “Omoniýa” klubunda penaltileriň netijesinde asgyn geldi. Şweýsariýanyň çempiony “Ýang Boýz” hem Daniýanyň “Midtýullann” toparyndan 3-0 utulyp, ýaryşdan çykdy. Azerbaýjanyň çempiony “Garabag” hem Norwegiýanyň çempiony “Moldeden” penaltilerden soň, ýeňlişe sezewar boldy. Şonuň ýaly ýaryşyň tejribeli klublaryndan “Dinamo Zagreb” hem taryhynda 2-nji gezek gatnaşmaga synanyşýan “Ferençwaroşdan” 2–1 utulyp, ýoluny Ýewropa ligasynda dowam etdirmäge mejbur boldy. Şeýlelikde, pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary-da belli bolup, Çempionlar ligasynyň toparçalarynda çykyş etjek galan 6 kluby kesgitleýän bu oýunlar 22-23-nji hem-de 29-30-njy sentýabrda oýnalar.  

3-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Ferençwaroş” (Wengriýa) – “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa): 2-1

“Garabag” (Azerbaýjan) – “Molde” (Norwegiýa): 0-0 (5-6 p)

“Omoniýa” (Kipr) – “Srwena Zwezda” (Serbiýa): 1-1 (4-2 p)

“Midtýullann” (Daniýa) – “Ýang Boýz” (Şweýsariýa): 3-0

“Makkabi T. Awiw” (Ysraýyl) – “Dinamo Brest” (Belarus): 1-0

 

Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary (22-23-nji hem-de 29-30-njy sentýabr):

“Slawiýa Praga” (Çehiýa) – “Midtýullann” (Daniýa)

“Makkabi T. Awiw” (Ysraýyl) – “Red Bull Salsburg” (Awstriýa)

“Olimpiakos” (Gresiýa) – “Omoniýa” (Kipr)

“Molde” (Norwegiýa) – “Ferençwaroş” (Wengriýa)

“Krasnodar” (Russiýa) – PAOK (Gresiýa)

“Gent” (Belgiýa) – “Dinamo Kiýew” (Ukraina)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň