Mermer we granit zawodyndaky önümçilik meýilnamanyň iki essesine golaýlady

10:1016.09.2020
0
7744

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki mermer we granit daşlary işlenilýän zawodynda şu ýyl 6 million 262 müň 966 manatlyk önüm öndürildi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu bolsa sekiz aýlyk meýilnamanyň 187,90 göterim berjaý edilendigini görkezýär.

Ýokary hilli mermerleri, köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli ölçegdäki bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini, sütün üçin örtgüleri hem-de gurluşykda ulanylýan beýleki serişdeleri öndürýän bu kärhanada buýurmalar esasynda öndürilen dürli gurluşyk serişdeleri wagtynda sarp edijilere ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň