Bir gijede La-Manş bogazyna 35 müň ýyldyrym düşdi diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Lenta.ru» habar berdi.
Ýagny 2-nji maýa geçilýän gije gulagyňy gapyp barýan gümmürdiler millionlarça britaniýalylary ukudan oýardy. Esasan hem, Günorta Angliýa we Uelsde köp ýyldyrym çakdy.
Deňiz harasaty Günbatar Sasseksdäki Elmer obasynyň garrylar öýüniň üçegini gopardy. Graflykdaky Çiçestersk uniwersitetiniň binasyny hem ýyldyrym urdy. Netijede, üçege we elektrik üpjünçiligine zeper ýetdi. Hiç kim ejir çekmedi diýlip, habarda aýdylýar.