Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Guwlyduz» kärhanasynda 33 müň tonnadan gowrak duz gazlyp alyndy

09:4703.05.2024
0
7174

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda 2024-nji ýylyň geçen dört aýynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 33 müň 176 tonnadan hem köp boldy. Munuň özi hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamanyň 104 göterime barabar berjaý edilendigini görkezýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň nusgalyk derejede amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Hasabat döwründe kärhananyň hünärmenleri bu önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryga 105,6 göterim, däneli duzy taýýarlamak baradaky tabşyryga bolsa 103,7 göterim amal etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň