Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar

12:2303.05.2024
0
12922
Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Surat: vfokuse.mail.ru

Rus dilinde gürleýänler meşhur amerikan aktýory Jeýson Stethemiň adyny dogry aýtmakda ýalňyşlyga ýol berýärler. Aslynda uruşganly filmleriň ýyldyzynyň ady asyl nusgada Jason Statham diýlip ýazylýar.

Haýsysy dogry Stethemmi ýa-da Steýtem? Dogry nusgasy – Steýtem diýip, «Mail.ru» ýazýar.

2012-nji ýylda Amerikanyň aktýorlar gildiýasynyň (SAG) şol wagtky başlygy Ken Howard dünýäniň dürli ýurtlarynyň žurnalistleriniň aktýorlaryň atlaryny ýalňyş ýazýandyklaryny belledi. «Şol sanda russiýaly žurnalistler köplenç Stalloun we Steýtem däl-de, Stallone we Stethem diýýärler, skandinaw habarçylary bolsa, birinji boguna basym berip, Skarlett Johensson ýa-da hanym Ýohansson diýýärler» diýip, Howard nygtady.

Onuň sözlerine görä, döredijilik adamlary öz atlarynyň ýalňyş tutulmagyny ýokuş görýärler, şonuň üçin bu meselede düzgün hemmeler üçin birmeňzeş bolmalydyr. Ol munuň üçin Gildiýanyň saýtynda aktýorlaryň at-familiýalarynyň dogry ýazylyşy görkezilýän bölümiň açyljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň