Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlanyldy

16:1112.09.2020
0
9164

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 11-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Ýakyn ýyllarda himiýa ylmynyň we täze himiýa tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Ylmy-barlag edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, himiýa ulgamynda ylmy-barlag işleriniň depginini ýokarlandyrmak hem-de ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berler. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda himiýa ylmynyň ornunyň ýokarlandyrylmagy bilen ylmy-barlaglaryň netijeleri önümçilige işjeň ornaşdyrylar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň himiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmek we bu ulgamda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna berilýän ünsüň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýaş alymlary taýýarlamak, dünýäniň belli ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, häzirki zaman şertlerinde uly islege eýe bolan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilmelidir, şolaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply, diňe bir içerki bazarda däl-de, dünýä bazarynda-da uly islege eýe bolan önümleriň önümçiligini yzygiderli giňeltmäge hem-de görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň