Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holdingiň» taýýarlan taslamalary bilen tanyşdy

23:5209.09.2020
0
10553

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi — diýip, TDH ýazýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk, doganlyk we taryhy-medeni kökleri birleşdirýän Türkiýe bilen biziň ýurdumyzyň gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtap, türk kompaniýasynyň türkmen bazarynda işjeňligini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri holdingiň özara bähbitli iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany yklymyň iri energetika ulgamynyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylan TOP elektrik geçiriji ulgamynyň ähmiýetini nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçysyna ähli işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, birnäçe bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri gurulýan desgalary şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletinde ulanmaga bermegiň hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň