Türkmenistanyň Prezidenti: «Öz öndürip biljek önümlerimzii daşardan getirmegi bes etmeli»

10:4105.09.2020
0
22853

4-nji sentýabrda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow indi öz öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny nygtady — diýip, TDH habar berýär.

Bu çäreler, ilkinji nobatda, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmäge, telekeçileriň we raýatlarymyzyň iş ýerlerini saklap galmaga gönükdirilmelidir.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabat berşi ýaly,  söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime barabar boldy, önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 101,8 göterime, nah matalar — 100,8 göterime, tikin we örme önümleri — 117,8 göterime, gön önümleri — 107,8 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen sekiz aýyň dowamynda birža söwdalarynyň 180-si geçirilip, 17 müň 681 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 125,5 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110,8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi bolsa 127,7 göterime barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň