Arhiw

Özbegistanyň çempionaty — 2020: AGMK birinji ýarymyny ikinji orunda tamamlady

15:4031.08.2020
0
4119

27 — 29-njy awgust aralygynda geçirilen 13-nji tapgyryň duşuşyklary bilen Özbegistanyň futbol boýunça Superligasynda birinji ýarym tamamlandy. Çempionatyň birinji ýarymyny iň ýakyn garşydaşy AGMK-den 5 utuk köp gazanan «Pahtakor» birinji orunda tamamlady.

13-nji tapgyrda «Pahtakor» «Andijony» 2:0 hasabynda ýeňip, utugyny 34-e çykardy. AGMK bolsa «Buhoro» bilen 2:2 hasabynda deňlik bilen oýnap, 29-njy utugyny gazandy. AGMK-niň düzüminde Türmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys. Ol şu möwsümde 11 duşuşyga gatnaşyp, şolarda iki gezek tapawutlandy.

Üçünji orundaky «Kokand-1912» bolsa 25 utuk toplady.

Çempionatda 1-nji sentýabra çenli gysga arakesme bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň