Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» 2025-nji ýyla çenli 12 gämi gurar

12:2931.08.2020
0
15232

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ işleriň depginini güýçlendirýär. Kärhana işi girizileni bäri 24 gämi abatlanyldy, gämileriň 7-sinde gämi duralgasynda ortaça abatlaýyş işleri geçirildi we 23 gämide ýüzüş aralygyndaky ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Zawod uly we kiçi gämileri dikeltmäge niýetlenendir. Bu ýerde gämileri suwa goýbermek we abatlamak hem-de ýylda 4-5 gämi gurmak üçin ulgam oturdylan, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle hem polat konstruksiýalaryň dürli görnüşlerini, senagat pudaklary üçin enjamlary we gurallary öndürmäge mümkinçilik döredilipdir. Mundan başga-da, 2000 tonna polady gaýtadan işläp, ýylda 20-30 gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge ýeterlik kuwwaty bar.

Kärhana polat listleri kesmek boýunça ýokary tehnologiýaly plazmaly we kombinirlenen enjam bilen üpjün edilen. Bu ýerde iri bloklary ýygnamak, gämileriň gabarasyny abraziw usulda arassalamak we reňklemek boýunça önümçilik bölümleri bar, plazmaly kesme usuly bilen işlenilen profilleri ugratmagyiň robotlaşdyrylan ulgamy, şeýle hem turbo-stanoklar oturdylan. Zawodda ýük ýükleýiş-düşüriş meýdançasy we kömekçi – abatlaýyş, slesarçylyk, bug-gazan we ş.m. sehler göz öňünde tutulan. Gämileri abatlamakdan başga-da, ugurdaş işleriň beýleki görnüşleri-de ýerine ýetirilýär.

Geçen ýylyň maý aýyndan bäri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody özbaşdak kärhana hökmünde hereket edýär. Geljekde bu ýerde ýurdumyzyň söwda floty üçin gämileri gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk Maksatnamasyna laýyklykda 2025-nji ýyla çenli gämileriň 12-sini gurmak bellenildi. Ol Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-nyň ýolbaşçylarynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri hem-de «Судостроительная корпорация «Ак Барс» PJ-niň, «A.M. Gorkiý adyndaky «Зеленодольский завод» PJ-niň top-menejerleri bilen geçirilen gepleşikleriniň temasy boldy. Taraplar gury ýük daşaýan deňiz gämilerini gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň