Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

23:4527.08.2020
0
6205

27-nji awgustda sanly wideoargatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek we pagta ýygymyna girişmek babatda şu günler alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizlemek işlerini geçirmek, tagt suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Şonuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleri we ösüş suwuny tutmak tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Kombaýnlar we ulaglar, harmanhanalar hem-de pudagyň kärhanalary öňümizdäki möwsüme taýýarlanylýar.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna ak pata bermek, şeýle hem tejribeli daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek barada haýyş bilen ýüzlendi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we häkimlere ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem gowy netijeleriň gazanylýandygyny belledi.

Daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi hem-de toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we senagat kärhanalarymyzy pagta çig maly bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda himiki we suw serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlarymyz, ähli oba hojalyk işgärlerimiz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsümleriň ikisi, ýagny bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip gelýär diýip, döwlet Baştutany bu möwsümleri gysga wagtyň içinde, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap bugdaý ekişine girişmäge hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyzdan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň