Top.Mail.Ru

«TOYO Engineering Corporation» hyzmatdaşlygyň geljegine taýýar

11:1424.08.2020
0
13514

Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasy dökün öndürmek, nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklary boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýär. Bu barada «Trend» kompaniýanyň wekiliniň beren maglumatyna salgylanyp ýazýar.

Bu kompaniýa 1961-nji ýylyň 1-nji maýynda esaslandyryldy we dünýädäki uglewodorod we nebithimiýa pudaklaryna hyzmat edýän inženerçilik, söwda we gurluşyk kompaniýasydyr. 

Kompaniýa Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering» kompaniýalary bilelikde Türkmenistanda Gyýanlydaky ägirt uly senagat toplumynyň gurluşygyna hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň