Soňky habarlar

Arhiw

Finalyň emini mälim edildi

19:4020.08.2020
0
4827

Hepdäniň ýekşenbe güni, has takygy, 23-nji awgustda oýnaljak PSŽ bilen “Bawariýanyň” arasyndaky Çempionlar ligasynyň finalynda jürlewük çaljak emin belli boldy. UEFA-nyň habar bermegine görä, bu taryhy duşuşyga italiýaly tejribeli emin Daniele Orsato eminlik eder. UEFA-nyň ýokary derejeli eminleriniň hatarynda bolan 44 ýaşly Orsato Çempionlar ligasynyň finalyna eminlik etjek italiýaly 7-nji emin bolar. Ýeri gelende aýtsak, kowid-19 sebäpli awgust aýynda oýnalan 1/8, çärýek hem-de ýarym final oýunlarynyň hiç birinde italýan emin jürlewük çalmandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň