Türkmenistan bilen BAE söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ymtylýar

22:0619.08.2020
0
5999

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi ― diýip, TDH ýazýar.

Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Arap toparyna BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikler Türkmenistan bilen BAE-niň söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň geljegine, özara haryt dolanyşygyny giňeltmegiň, eksport-import amallaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada okgunly syýasaty netijesinde, bu ugurda oňyn şertler döredildi. Hususan-da, BAE türkmen dokma we haly önümlerini, azyk harytlary ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň telekeçilik maslahatlaryny we onlaýn duşuşyklaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň