Gyrgyzystanyň çempionaty: Geldiýewiň goly «Abdyş-Atanyň» ýeňşi üçin ýeterlik bolmady

12:1317.08.2020
0
3719

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyryndaky «Dordoý» ― «Abdyş-Ata» duşuşygy janköýerler tarapyndan «Super klassiko» diýlip atlandyryldy. Şu tapgyra çenli deňeçer utukda gelen toparlaryň duşuşygyna şeýle diýmezçe-de däl.

Duşuşykda, her niçik hem bolsa, «Dordoý» güýjüni görkezdi. Alty pökgi geçirilen duşuşyk 4:2 hasabynda «Dordoýyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň türkmen janköýerleri üçin aýratynlygy, onda türkmenistanly futbolçynyň tapawutlanandygydyr. Esasy düzümde oýna giren ildeşimiz Ata Geldiýew duşuşygyň ahyrky sekuntlarynda bir pökgi geçirdi. Ýöne bu gol «Abdyş-Atanyň» duşuşykdaky ikinji goludy. Oňa çenli «Dordoý» dört pökgi geçirip ýetişipdi.

Bu ýeňlişden soňra 7 utukly «Abdyş-Ata» dördünji orna çenli düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň