Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Sankt-Peterburg gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär

17:0913.08.2020
0
6344

Şu gün Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Andreý Hlutkow bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn maslahat geçirildi. Onda gämi gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Duşuşykda Türkmenbaşy halkara deňiz menzili bilen Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki menzilleriniň arasynda täze logistika ugurlaryny açmak, şeýle hem iki ýurduň gämi abatlaýyş kärhanalarynyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Netijede, «Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýeti bilen «Balkan» gämi abatlaýyş zawodynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekişmek kararyna gelindi. Resminama gol çekilenden soň, Sankt-Peterburgdan Türkmenistana gurnama gämileri iberilip başlar diýip, Sankt-Peterburg şäheriniň administrasiýasynyň web saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň