AGM şereketi suwa, tozana we urga çydamly telefonlary satuwa çykardy

19:3810.08.2020
0
783

AGM şereketi dürli şertlere çydamly telefony satuwa çykardy. Onuň «AGM M5» atly telefony suwa, tozana we urga çydamly bolmagy bilen tapawutlanýar. Düwmeleriniň bardygyna garamazdan telefonyň ekranynda sensor hem göz öňünde tutulypdyr.
Aragatnaşygyň 4-nji nesli bilen enjamlaşdyrylan telefon 1GB RAM we 8GB içki ýat bilen üpjün edilipdir. «Anroid» amaly ulgamynda işleýän telefon arkaly «WhatsApp» we «Facebook» applikasiýalaryndan hem peýdalanyp bolýar. 
Daşyndan göreniňde örän ýönekeýje ýaly bolup görünýän mobil enjamyň agramy 150 grama, ululygy 155×63,4x16 millimetre barabar.
Şereket «AGM X5» atly 5G-li smartfony hem satuwa çykarmaga taýýarlanýar. Şeýle hem orta derejeli «AGM A10» atly telefon hem satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň