Soňky habarlar

Arhiw

«Balkandokmada» 21 million manatlyk iş özleşdirildi

10:5510.08.2020
0
445

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýylyň geçen ýedi aýynda 2 müň 67 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, jemi 21,5 million manatlyga barabar işler özleşdirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Häzirki zamanyň kämil enjamlary oturdylan kärhanada öndürilýän dürli ölçeglerdäki sapaklar ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. NM-20/1, NM-27/1 we NM-34/1 ölçeglerde düwünsiz öndürilýän ol ýüplükler häzirki wagtda Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlaryna öwrüldi.

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda taýýarlanylan nah ýüplükleri ýerleşdirmekden gazanylan puluň möçberi 26,5 million manatlykdan geçdi. Bu görkezijiler toplum boýunça bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen berjaý edilýändigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň