Sarahsda 600 orunlyk orta mekdep gurulýar

10:4810.08.2020
0
1160

Şu günler Sarahs etrabynyň «Bereket» geňeşliginde döwrebap orta mekdebiň gurluşygy depginli alnyp barylýar. 600 orunlyk bilim ojagynyň binasyny «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde bina edilýän mekdebiň gurluşygyny ady agzalan hususy kärhananyň öz işine ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Gurluşykda ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gurluşyk serişdeleridir enjamlary ulanylýar.

Etrapdaky döwrebap orta mekdepleriň üstüni ýetirjek täze bilim ojagynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi bilen, ol ýerde bagtyýar çagalar talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw otaglarynyň hyzmatyndan peýdalanyp başlar. Ýokary talaplara laýyk geljek sport meýdançalary hem ýaş nesle hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň