Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň tikin fabriginde bir aýda 3 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

17:3109.08.2020
0
950

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary şu ýylyň iýul aýynda 3 million 152 müň 987 manatlyk önüm öndürdiler ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda öndürilen önüm 23 million 158 müň 707 manatlyga barabar boldy. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür.

Şu günlerde fabrikde harbylar üçin geýimleriň uly topary tikilýär. Bu iş tikinçilerden ýokary hünär ussatlygyny talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň